TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeltiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy ulgamy, parlament diplomatiýasyny we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, energetika we ekologiýa howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, yn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNESKO-NYŇ WEKILINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sung...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, parahatçylygy hem-de milli jebisligi esaslandyryjy — Milli Lider Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky meselä geçmek bilen, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurl...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 50-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Maltanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmen...
YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ 12-NJI MEJLISI IŞINI TAMAMLADY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda, Astana şäherinde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzukl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň müdiri Golda el-Huri bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, türkmen diplomatynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu gurama bilen...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetme...