RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ M.M.BABAÝEW HAKYNDA PERMANY

Maksat Mämmetsaparowiç Babaýewi Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň M.M.Babaýew hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ B.A.AMANOW HAKYNDA PERMANY

Batyr Amangeldiýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň B.A.Amanow hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ A.BEGLIÝEW HAKYNDA PERMANY

Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň A.Begliýew hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI

2023-njio ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prez...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen gepleşikleri geçirildi. Taraplar geňeşmeleriň çäginde ikitaraplaýyn gün tertibindäki dürli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giňişleýin strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşykla...

DOWAMY
pic
12 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Saparyň ikinji güni Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boý...

DOWAMY
pic
11 Maý

«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17-19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG...

DOWAMY