TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA HALKARA FESTIWAL GEÇIRILÝÄR
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz pederlerimizden...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GURLUŞYK IŞLERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň gurluşyk işleri boýunça Hökümetara geňeşiniň Kazanda geçen XLIII mejlisine gatnaşdy. Bu çäre II Halkara gurluşyk çempionatynyň çäginde gibrid görnüşinde geçirildi. Wekiller Arkalaşyga girýän ýurtlaryň gurluşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýan ägirt uly mümkinçiligini belledi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, wajyp ykdysady meseleleri çözmekde gurluşyk işleri boýunça Hökümetara geňeşiň çägin...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Döwle...
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri we abraýly forumlaryň birine öwrüldi. Sagly...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, dizel we peç ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 140 müň dollaryna barabar boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň, birek-birege hormat goýma...