RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite  Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
7 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...

DOWAMY
pic
7 Okt

TENNIS MUŞDAKLARY OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ MEÝDANÇALARYNA ÇAGYRYLÝAR

Öňümizdäki günler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde uly tennisiň alamaty astynda geçiriler. Onuň meýdançalarynda 8-13-nji oktýabr aralygynda 18 ýaşa ýetmedik türgenleriň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty, tälimçiler üçin okuw seminary, şeýle hem Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) wekili Amir Borgeiniň gatnaşmagynda ilkinji höwesjeň tennis ýaryşy bolar. Amir Borgei ýaryşa gatnaşýanlar üçin ussatlyk dersini berer. Guramaçy bolup, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrli...

DOWAMY
pic
6 Okt

“TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi M.Klimou hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Boeing», «Exxon Mobil» General Electric, «Coca C...

DOWAMY
pic
6 Okt

ÝURDUMYZYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ÝUNESKO-NYŇ KLUBY AÇYLDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň açylyşy boldy. Bu taslama Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň we Ýokary diplomatiýa mekdebiniň bilelikde gatnaşmagynda döredildi. Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli düný...

DOWAMY
pic
6 Okt

HATYRA GÜNI MYNASYBETLI SERGI AÇYLDY

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýiniň sergi zalynda Hatyra gününe gabatlanyp, türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň we söweş meýdanynda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyşynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary barada myhmanlara gürrüň berdiler, bu ýere gelenleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarydy. Hakyda halkyň ruhy...

DOWAMY