RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Maý

TÜRKMEN TÜRGENLERI NUSGAWY ALYŞ GÖREŞI BOÝUNÝA AZIÝA ÇEMPIONATYNDA 8 MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen türgenleri Alyş göreşi boýunça Oş şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilýän Aziýa çempionatynda dürli derejeli 8 medal gazandylar. Olar bu üstünlige milli gyrgyz göreşiniň nusgawy usulynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda baýraklaryň 12 toplumy ugrunda bäsleşilýän ýaryşyň ilkinji güninde ýetdiler. Biziň toparymyzda altyn medallary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli agram topary) we Türkmen döwlet bedenterbiýe we s...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentim...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR BERKIDILÝÄR

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikle...

DOWAMY
pic
23 Maý

UÇAR KEROSININI DAŞARY ÝURTLY TELEKEÇILERDE ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlary...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMEN-ÖZBEK GÜMRÜK HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriň duşuşygy geçirildi. Hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşdylar. Taraplar, Ta...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirile...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANDA DOSTLUKLY DÖWLETIŇ BAŞTUTANY HATYRALANDY

Şu gün Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi. Hajy Arkadagymyz ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, din wekilleriniň...

DOWAMY