TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTI HAT IBERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady. “Biziň doganlyk döwletlerimiz geçen onýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak gatnaşyklaryna daýanyp, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. B...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NIDERLANDLARYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esa...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ESASYNDA “DOSTLUK” ORDENI BILEN SYLAGLANYLDY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy. Ol hasabat bilen çykyş etmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa ge...
WENADA TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÝHHG-NYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekiliýetiniň başlygy ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň başlygy hanym Margareta Sederfelt bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar guramanyň gün tertibindäki meseleler, hususan-da Owganystandaky ýagdaý we ÝHHG-ny özgertmek meselesine ünsi çekdiler. Hanym M. Sederfelt, ÝHHG-nyň PA-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň möhümdigini aýtdy. ÝHHG-nyň prezidenti...
TÜRKMENISTAN — TATARYSTAN: RUSSIÝANYŇ SEBITLERI BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGI NAZARLAP
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasyn...
TBILISINIŇ TELEÝAÝLYM DIŇI TÜRKMENISTANYŇ BAÝDAGYNYŇ REŇKLERI BILEN ŞÖHLELENDIRDI
2022-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Tbilisiniň teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi. Bu ýene-de bir gezek iki ýurdyň arasyndaky däp bolan dosluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany görkezdi. Tbilisi teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen iki gün şöhlenendiriler. Tbilisiniň teleýaýlym di...