RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda gowaça eki...

DOWAMY
pic
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Anjeý Duda berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Po...

DOWAMY
pic
30 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgaml...

DOWAMY
pic
30 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BAE-NIŇ PREZIDENTIŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi. Şol gün, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-yk...

DOWAMY
pic
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI BILERMENLER MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mükinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ý...

DOWAMY
pic
27 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Soňky ýyllarda bu ýerde — Aşgabadyň günortasyndaky Köpetdagyň ajaýyp tebigatynyň eteklerinde täsin şäher gurşawy döredilip, ol özboluşly taslamalar boýunça gurulýan belent gatly binalary, häzirki zaman ýol-ulag düzümlerini hem-d...

DOWAMY