RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Siril Ramafosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Günorta...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NIDERLANDLARYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Patyşa Willem-Aleksandra berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Niderlandlaryň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady (tu...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ AGZASY, GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň D...

DOWAMY
pic
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ UNESCAP BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 26-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy UNESCAP-yň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Ko...

DOWAMY
pic
26 Apr

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat (mfa.gov.tm)

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki...

DOWAMY
pic
25 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi. Şu mümkinçilikden...

DOWAMY