TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET BAŞTUTANYMYZY IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Rusiiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hormatly Prezidentimizi Serdar Berdymuhamedowy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglary iberdi. «Biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we özara hormat goýmagyň oňyn däplerine daýanyp, bize geçen onýyllyklarda döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak başartdy. Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI IKITARAPLAÝYN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştut...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrün...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady. “Wladimir Wolfowiç Türkmenistanda parasatly we öňdengörüji syýasatçy, gündogarşynas hem-de tanymal döwlet işgäri hökmünde tanalýardy we çuňňur hormatlanylýardy. Ol türkmen halkynyň hakyky dosty bol...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN EKOLOGIK ÇÄRESI
Şu günler Aşgabat şäher häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ekologik çäresi geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÜRLI PUDAKLARYŇ IŞINI GURAMAK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek meselesine garady. Hormatly Prezidentimiz M.Serdarowy maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli...