TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BELENT DEREJELI DUŞUŞYK
Ozal habar berlişi ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana Döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Institutyň baş binasynyň girelgesinde amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Maslahatlar zaly...
«BIR PENJIRE» ULGAMY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ GÜMRÜKÇILERINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň işjeň ýardam bermeginde Türkmenistanyň döwlet Gümrük gullygynyň we Gruziýanyň Maliýe ministrliginiň Girdejiler gullugynyň Gümrük departamentiniň hünärmenleriniň arasynda «Bir penjire» ulgamy boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gruzin gümrükçileri «Bir penjire» ýörelgesini ulanmakda toplan tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän birnäçe sowallar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda ö...
KÖPASYRLYK TÜRKMEN-HINDI TARYHY-MEDENI GATNAŞYKLARY BAÝLAŞDYRYLÝAR
Şu gün — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösd...
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARYŇ OPERASIÝA BEJERGILERI ÜÇIN SERIŞDELERI BÖLÜP BERMEGI DOWAM EDÝÄR
Gadymy döwürlerden bäri nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar — ösüp gelýän nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Çagalary hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelgedir. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde has-da aýdyň ýüze çykýar hem-de halkymyzyň durmuş we ru...
KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIK ÇÄRELER WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler. Ekologik abadançylyk baradaky alada hormatly Prezidentimiz...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY
Adalatçyny saýlamak hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolup geçen on ýedinji maslahatynda Adalatçyny saýlamak boýunça geçirilen gizlin ses bermegiň netijeleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Ýazdursun Gurbannazarowany Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy saýlamaly. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mej...