SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Koreýa Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Ýi-He Sesiliýa Çangyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarl...
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdil...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Tü...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçisi Hoja Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan mümkinçiliklere we wehimlere bilelikde baha bermek, ykdysady we üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem sebitara integrasiýa boýunça hemmetaraplaýyn ýol karta...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar...
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler. 2026–2030-njy ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkme...
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretarynyň orunbasary D.Trefilowyň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminama 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisi taýýarlamak boýunça guramaçylyk we mazmun taýda...