SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI EMOMALI RAHMONYŇ BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli toplumy boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça netijeli pikir alyş...
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
Şu gün agşam Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Täjigistanyň döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi wekilleri garşyladylar. Uçaryň ýanynda düşelen haly ýodasynyň bir tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, täjik Liderine duz-çörek hödür edildi we gül çemeni gowşuryldy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň awto...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady. “Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň dostlukly ýurtlaryň we onuň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşl...
TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN MERKEZI AZIÝA LIDERLERINIŇ SAMMITINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabada gelen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň Maýa goýumlary we Daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen gepleşik geçirdi. Taraplar ulag, ýangyç we energetika, şeýle hem iki tarapa-da bähbitli beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Goňşy döwletleriň premýerleriniň orunbasarlary Türkmenistan – Özbegistan hökümetara toparynyň işiniň waj...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, sanly ulgam arkaly A...
ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanag...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÄJIGISTANYŇ SENAGAT WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyk...