SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ PLENAR MEJLISINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN ÖŇE SÜRLEN KARARNAMA BIRAGYZDAN KABUL EDILDI
2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE HARBY UÇARDA SYNAG UÇUŞYNY GEÇIRDI
Bu sebitde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi. Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi. Hormatly Prezidentim...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň birnäçe sebitinde adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren pajygaly tokaý ýangynlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Milli Liderimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sag...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa...
ÝURDUMYZDA ÖZ IŞINI TAMAMLAÝAN KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatanşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diploma...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ NEBITGAZ PUDAGYNYŇ WEKILLERI HAZAR DEŇZINDÄKI BILELIKDÄKI IŞLERIŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Nobatdaky duşuşykda türkmen tarapyna Iş toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Döwlet ministri - «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, azerbaýjan tarapyna – Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministri P.Şa...
DUŞANBEDE GEÇEN BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK TOPARYNYŇ MEJLISINDE HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýoka...