SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli sa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistany...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY SEBIT WE HALKARA DEREJELERINDE ALNYP BARYLÝAN HEREKETLERE IŞJEŇ GATNAŞÝAR
2021-nji ýylyň 26-27-nji iýuly aralygynda Täjigistan Respublikasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan t...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Maharaştra ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary we süýşgünler zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlar...
AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTAN BILEN IŞLEŞJEK HÖKÜMETARA KOMISSIÝANYŇ DÜZÜMINI TASSYKLADY
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew anna güni buýruklara gol çekdi we Türkmenistan bilen ykdysady hem ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýasynyň Azerbaýjan böleginiň düzümini tassyklady, – diýip, Azerbaýjanyň köpçüliklerýin habar beriş serişdeleri habar berýärler. Türkmenistan bilen Azerbaýjany aňyrdan gelýän dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar birleşdirýär, bu bolsa iki dogan halkyň asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy we medeni umumylygy bilen şertlenendir. Häzirki wagtda d...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Pudagara toparynyň Başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pudagara toparyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işiniň aýratyn äh...