SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA DÄP BOLAN DOSTLUK WE ÖZARA GOLDAW BERMEK ÝÖRELGELERINE YGRARLYDYRLAR
2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu sapar Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýada – Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy maksady bilen guralandyr. 24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa...
TOKIO OLIMPIADASYNDA TÜRKMEN TÜRGENLERINIŇ ÇYKYŞ ETJEK GÜNLERI KESGITLENDI
Türkmen sportçularynyň Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlarynyň rejenamasy kesgitlendi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu Oýunlara sportuň dört görnüşi: agyr atletika, dzýudo, suwda ýüzmek we ýeňil atletika (çekiç zyňmak) boýunça dokuz türgen bilen gatnaşýar. Biziň türgenlerimiz Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 25-nji iýulda çykyş edip başlarlar. Şol gün Türkmenistanyň dzýudoçysy Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder. Sportuň bu görnüşi boýu...
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlandy. 23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Henan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ DAŞOGUZ WELAÝATYNDA IRI BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Daşoguz şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Howa menzilinde welaýatyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belli estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dab...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz gadymdan bäri ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de haýyr-sahawatlylyk ýaly, müdimi ynsan gymmatlyklaryn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele ýurduň günbatarynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary we şikes ýetmeler, uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlar...