TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI SAGLYGY GORAÝŞYŇ BÜTINDÜNÝÄ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI GURALAN DABARALARA GATNAŞDY
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ýy...
BITARAP WATANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ŞANYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan...
DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENÝÄN ÇAGALARA SÜÝJI TAGAMLY SOWGATLAR GOWŞURYLDY
Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy. Milli parlamentiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurduň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri çagalaryňka myhmançylyga geldiler. Milli parlamentiň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyny...
AÝBÖLEK MUHYÝEWA BENJAMIN BRITTENIŇ SKRIPKA ÜÇIN KONSERTINI ÝERINE ÝETIRDI
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda ajaýyp türkmen skripkaçysy, halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Aýbölek Muhyýewanyň özbaşdak konserti boldy. Konserwatoriýany skripka ugrundan tamamlan Aýbölek Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Amiýansyň okuwçysydyr. Onuň ýerine ýetirmeginde ajaýyp iňlis kompozitory, pianinoçysy we dirižýory Benjamin Britteniň Skripka üçin konserti ýaňlandy. --Pasifist sazanda hem sungatda filosof Britteniň döredi...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkm...