TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GRUZIÝANYŇ PAÝTAGTYNYŇ TELEWIZION DIŇINE ÇYRALAR ARKALY TÜRKMENISTANYŇ BAÝDAGYNYŇ REŇKI ÇAÝYLDY
18-nji maýa geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy. Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol iki ýurduň arasyndaky ynanşykly gatnaşyklaryň, şeýle hem türkmen halkyna hormat-sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy. Tbilisiniň telewizion diňine iki günläp çyralar arkaly Türkm...
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI — NESILLERI TERBIÝELEMEK WE DOWAMATLYLYK DÄPLERINIŇ ÖSDÜRILMEGI
Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň juda köpdügine garamazdan, boş wagtlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak bilen watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Dynç güni irden milli Liderimiz adaty endigine eýerip, agtygy Kerim bilen welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy...
ŽIWOPISÇILER SURATLARYNDA BAÝRAMÇYLYK RUHUNY WASP EDÝÄRLER
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Paýtagtymyzyň sergi merkeznde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis işleriniň sergisi açyldy. Walentin Kudrýaşowyň belli işi tematiki serginiň mazmunyny beýan edýär. Onda nakgaş Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde eli türkmen topragynyň datly miwelerinden doly mejimeli gyzjagazy we senenamanyň gaýyp düşýän sahypalaryny şekillendiripdir. Walentin Kudrýaşowyň «Galkynyş» we «Dabara» işlerinde hem milli baýramlaryň gözelligi...
DÖWLET SÖWDA ULGAMYNY SANLAŞDYRMAK BOÝUNÇA TASLAMA DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň we «Agzybirlik Tilsimaty» BK-nyň hünärmenleri Aşgabatda döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler. «Agzybirlik Tilsimaty» nyşany bilen söwdany awtomatlaşdyrmak üçin POS-enjamalryň 300 toplumy: sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri we skanerleri, pul gutylary çykaryldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine dgişli p...
KONSTITUSIÝA WE ÝURDUMYZYŇ DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT
Şu gün, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirdi. Maslahata milli parlamentiň deputatlary, hökümet agzalary, partiýa we jemgyýetçilik işgärleri, alymlar we syýasatşynaslar, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň iş...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNSYBETLI WE DAŞARY YKDYSADY IŞINI ÖSDÜRMEK WE IŞJEŇLEŞDIRMEK BILEN BAGLY WIDEO DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (DEIK) başlygy Nail Olpakyň we Türkmen-Türk Işewürlik geňeşiniň başlygy Halil Awjynyň ýolbaşçylgynda bu geňeşiň wekilleri bilen wideo konferensiýa arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi, Stambuldaky Baş konsuly we Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Tü...