img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Sen

DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda hytaý diplomaty Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň strategiki taýdan möhüm hyzmatdaşlar bol...

DOWAMY
pic
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer Hökümetiň şu ýylyň 4-nji sentýabrynda bolan mejlisiniň barşynda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULY KAZANDA TATARYSTANYŇ DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ WEZIPESINE GIRIŞMEK DABARASYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) baş konsuly Atadurdy Baýramow Rustam Minnihanowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesinie girişmek dabarasyna gatnaşdy. Şu gün Salih Saýdaşew adyndaky Döwlet Uly konsert zalynda geçirilen dabaraly çärä 770 adam gatnaşdy. Tatarystanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşanlaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin,Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin,...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI GURADY

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurady. Sergide öý bezegleriň, milli eşikler, şäý sepler, halylar we beýleki türkmen milli senetiniň önümleri görkezildi. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň kitaplary hem görkezildi. Türkmen tarapy, gatnaşyjylary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da energitika, ulag we suw...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde döwletara gatnaşyklaryň ýagdaýyny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar özara hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgelerine hem-de ösüşe we rowaçlyga bolan islege esaslanandyr. Hormatly Prezident...

DOWAMY