SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşyldy hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriniň derejesine garaldy. Taraplar hökümetara gatnaşyklarynyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle hem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasd...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ MEJLISI
Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza gelen Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşd...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY TÜRKMEN-SAUD GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler. Söhbetdeşligiň başynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp ugurlary ara alyp maslaha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişliginde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşy...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA HEM-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 75-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARLYGYNA SAÝLANYLMAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň...