img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaş...

DOWAMY
pic
13 Sen

MILLI LIDERIMIZ WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir. Ine, şu gün hem milli Liderimiz adaty endigine eýerip, dag etek...

DOWAMY
pic
12 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA PARAHATÇYLYGY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HEREKETLERI GOLDAÝAR

2020-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
12 Sen

2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTANDA ÝUNISEF-IŇ ÝURT BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ RESMINAMASY ÝUNISEF-IŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI TARAPYNDAN TASSYKLANYLDY

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11-i aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, gor...

DOWAMY
pic
11 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-d...

DOWAMY
pic
11 Sen

ASTRAHAN DÖWLET UNIWERSITETI TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI BILEN HYZMATDAŞLYGA GYZYKLANMA BILDIRÝÄR

Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet uniwersitetine (ADU) baryp gördi, ol bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Konstantin Markelow bilen duşuşyk geçirdi. Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi we türkmen ýaşlarynyň wekillerini hünärleriň dürli ugurlaryndan taýýarlamak söhbetdeşligiň esasy temalary boldy. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň raýatlarynyň 1245-si bilim alýar. Rektor K. Markelow türkmen ýaşlarynyň bilim a...

DOWAMY
pic
11 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE FRANSIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fransua Delaus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky öndürijilikli işi üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi öz gezeginde işlem...

DOWAMY