BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

photo

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň ähmiýeti we netijeliligi aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini belläp, geljek ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda saparyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik we agzalan maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.