Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili, BSGG-niň Ählumumy saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça Ýewropa sebit merkeziniň ýolbaşçysy Oksana Domenti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we BSGG-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen gol çekilmegi teklip edilýän başlangyçlar we resminamalar boýunça pikir alyşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriň biri hökmünde işlenip taýýarlanylmagynyň jemleýji tapgyryna ýetirilen Türkmenistanyň BSGG bilen 2026–2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk strategiýasy çykyş etdi.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň başynda Türkmenistanda saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça okuw kursuny geçirmek baradaky BSGG-niň başlangyjyna aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu başlangyjy oňyn bahalap, onuň hünärmenleri taýýarlamak hem-de degişli ugurda işgärleriň mümkinçiliklerini berkitmek üçin ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny hem-de bilelikdäki taslamalaryň amaly taýdan öňe ilerledilmegine taýýardyklaryny tassykladylar.