Serbiýa Respublikasynyň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Serbiýa Respublikasynyň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň derejesine seredildi.
Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda söwda, dokma senagaty, polimerleriň, dökünleriň hem-de oba hojalyk önümleriniň eksporty görkezildi.
Söhbetdeşler halkara meýdançalarynda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp, şunda iki ýurduň özara goldaw bildirýändigi hem-de möhüm halkara başlangyçlaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen dialogy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.