ASTRAHANDA “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TEMA BOÝUNÇA SURAT BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENILDI

photo

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwoložskiý etrabynyň Funtowo obasynda Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň 1-5-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly tema boýunça çagalaryň surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglama dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) gurnamagyndaky çärä Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Astrahan şäherindäki wekilhanasynyň, Bilim we ylym ministrliginiň, Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylary, Astrahan welaýatynyň “Priwoložskiý etrabynyň” ýerli bilim dolandyryş edarasy, şeýle hemAstrahan welaýatynyň milli jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Çagalaryň surat bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwoložskiý etrabynyň Funtowo obasynda Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okaýan ukyply okuwçylary saýlap almak maksady bilen geçirildi. Ýeňijilere gymmatbahaly sowgatlar we diplomlar, beýleki gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bu dabaraly çäräniň dowamynda Astrahan welaýatynyň wekilleri we Funtowo obasynyň ýaşaýjylary türkmen halkyny 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gutladylar hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli türkmen kowçumlaryna, şol sanda Russiýa Federasiýasynda ýaşaýanlara hem yzygiderli goldaw berýändigi üçin sagbolsun aýtdylar.

https://neutrality.gov.tm/news/28/