BUHARA DÖWLET UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Buhara Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli maslahat we dabaraly çäre geçirildi.
Geçirilen çärä Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň işgärleri, Buhara welaýat häkimliginiň wekilleri, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň Buhara welaýatyndaky konsullyk wekilhanasynyň wekilleri, Buhara welaýatyndaky ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we şol ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň özboluşly aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Geçirilen çäräniň çäklerinde, Buhara Döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy.