DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi.

Maslahata Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň wekilleri, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň, Taryh institutynyň alymlary, syýasatşynaslar, KHBS-niň wekilleri we Daşkentde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi ýabaňlandyryldy we Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri baradaky wideo film görkezildi.

Maslahaty açyp, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi, türkmen Bitaraplygynyň taryhy, onuň Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we onuň daşynda halkara derejesinde dürli ugurlar boýunça geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada habarly boldular.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada maglumat berildi.

https://neutrality.gov.tm/news/39/