TÜRKMENISTANYŇ TBILISIDÄKI ILÇIHANASY SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

photo

2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Çärä Gruziýanyň «TV-24» we «Объектив» telekanallarynyň, «Georgian Business Consulting Group» neşirýat toparynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Резонанс» gazetleriniň we Gruziýanyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Myradow onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine we ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiligine, «açyk gapylar» syýasatyna we wajyp halkara meslelerini çözmekde eýeleýän işjeň ornuna daýanýan netijeli daşary syýasat ugruna çekdi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň energetika, ulag, ekologiýa, medeniýet, suw diplomatiýasy ýaly möhüm ugurlary beýan edildi. Şeýle hem duşuşyga gatnaşanlaryň ünsi ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki, halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakdaky üstünliklerine, halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen alnyp barýan oňyn hyzmatdaşlygyna çekildi.

Çärä gatnaşanlara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda 2020-nji ýylyň dekabr aýynda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14159