TÜRKMENISTANYŇ HHR-DAKY ILÇIHANASY WIDEO-ARAGATNAŞYGY ARKALY UZAK ARALYKDAN SPORT BÄSLEŞIKLERINI GEÇIRDI

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy ýaşlaryň arasynda sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen HHR-da ýaşap bilm alýan türkmen talyplary üçin wideo-aragatnaşygy arkaly uzak aralykdan sport bäsleşiklerini geçirdi.
19-njy aprelde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri, olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Hytaýyň dürli şäherlerindäki türkmen talyplary welosiped marafony, ylgamak, badminton, woleýbol, küşt, futbol, basketbol, stol üstünde oýnalýan tennis, biýard we sportyň ýene-de birnäçe görnüşi, şol sanda milli hytaý oýny boýunça bäsleşiklere gatnaşdylar.
COVID-19 ýokanç keseliniň köpçülikleýin ýaýramagy we HHR-yň okuw mekdeplerinde dowam edýän karantin çäreleri bilen baglylykda bilelikdäki türgenleşik we sport çäreleri wideo-aragatnaşygy arkaly utgaşdyryldy. Çärä Pekiniň, Týançiniň, Şanhaýyň, Sianýanyň we Hytaýyň beýleki şäherliniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň 120-si, şeýle hem ilçihanalaryň işgärleri hem-de olaryň maşgala agzalary gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew sport çäresinden öň çykyş edip, türkmenistanly ýaş nesliň wekilleriniň ünsüni ýurdumyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini guramakda we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, gujurly we runy taýdan güýçli nesli terbiýlemekde gazanan üstünliklerine çekdi.
Şeýle hem pandemiýa şertlerinde şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, şahsy goraglylyk we dezinfeksiýa serişdelerini ulanmagyň, şeýle-de beden işjeňligini saklamagyň wajyplygy bellenildi.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagyny we beýleki şanly senelerini baýram etmek boýunça Türkmenistanda geçirilýän çäreler talyplar bilen wideo-aragatnaşygy arkaly geçirilen duşuşygyň ýene bir temasy boldy.
Çykyşynyň ahyrynda ilçi Hytaýdaky türkmen raýatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hemmetaraplaýyn goldawy üçin hoşallyk bildirdi.