TÜRKMENISTANYŇ DAŞKENTDÄKI DIPLOMATIK WEKILHANASY ÜRGENÇ DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN WIDEO-ARAGATNAŞYGY ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRDI

photo

Türkmenistanyň Daşkentdäki Ilçihanasy Ürgenç döwlet uniwersiteti bilen wideo-aragatnaşgşygy arkaly duşuşyk gurady, bu ýerde türkmen ýaşlarynyň wekilleri bilim alýarlar.

Wideo-aragatnaşygy arkaly duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow, ilçihananyň işgärleri, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Bahrom Abdullaýew, uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygy boýunça prorektory G. Urozboýew, ýaşlar syýasaty boýunça prorektory S. Dawletow, şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Wideo-aragatnaşygy arkaly duşuşygyň başynda ilçi Ýa. Mämmedow Özbegistan Respublikasynyň Hökümetine, Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory B. Abdullaýewe COVID-19 ýokanç keseliniň Özbegistana ýaýramagy bilen baglaşyklylykdaky karantin şertlerinde türkmen talyplarynyň uzak aralykdan bilim almagyna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy türkmen talyplaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda döwlet ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirendigini gürrüň berdi we döwlet Baştutanynyň çykyşynyň esasy mazmuny bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň hemişeik Bitaraplygy derejesini almagynyň 25 ýyllygyny baýram etmeklige degip geçmek bilen, ilçi wideo-aragatnaşgşygy arkaly duşuşyga gatnaşanlaryň ünsüni ýurdumyzyň çärýek asyrda daşary syýasatda gazanan üstünliklerine, onuň sebitde paraharçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine çekdi.

Çärä gatnaşanlara 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly Halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Şeýle hem ilçi häzirki wagtda iki ýurduň liderleriniň tagallalary bilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolandygyny we onuň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça sazlaşykly ösdürilýändigini belledi.

Duşuşykda Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Bahrom Abdullaýew çykyş edip, türkmen halkyny şanly sene – hemişeik Bitaraplygyň 25 ýyllygy bilen gutlap, bitaraplygyň türkmen nusgasynyň halkara gatnaşyklarynda özboluşly, parahatçylyk medeniýetiniň, döredijilikli ösüşiň we köpugurly özara oňyn gatnaşyklaryň beýany bolandygyny nygtady.

Türkmen talyplaryna döredilen şertlere degip geçmek bilen, özbek tarapy Özbegistan Respublikasynyň Ýokary we ýörite orta bilim ministrliginiň hem-de ýokary okuw mekdebiniň rektoratynyň korona wirus pandemiýasy şertlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň Özbegistanda bolmagy bilen baglanşykly meselelri oňyn çözmek üçin elden gelenini etjekdigine ynandyrdy.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14180