TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesi gününe gabat gelen iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi.

Milli Liderimiz, ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäheriniň gününe we «Soňky jaň» dabarasyna hem-de beýleki şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň köçelerini hem-de ekologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalardaky işleriň ýokary hil derejesine we olaryň öz wagtynda ulanyşa girizilmegine degişli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň gününe hem-de mekdeplerdäki «Soňky jaň» mynasybetli dabaralary guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berip, ähli baýramçylyklary ýokary derejede geçirip, olar mynasybetli mazmunly we gyzykly çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni baradaky meselä ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi.

Munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.

Döwletimiziň sporta adamyň saglygyny goramagyň iň oňat serişdesi hökmünde garamagy milli Liderimiziň durmuş syýasatynda hem özüniň beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmak, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmek bu syýasatyň esasy maksadydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda «Welosiped» binasy hem gurulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Aşgabat şäheriniň häkimine Bütindünýä welosiped gününi ýokary derejede geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alşyny guramaçylykly geçirmäge amatly mümkinçilikleri döretmek, uly adamlaryň we çagalaryň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramak boýunça işleri güýçlendirmelidigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän suw-sport toplumlarynda, ýüzülýän howuzlarda, şol sanda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň kenarlarynda dynç alyş üçin döwrebap şertleri döretmegiň zerurdygy barada tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow çagyryldy. Häkim şu günler oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda kadaly gögeriş gazanylan meýdanda gowaçany ýekelemek, 1-nji hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, otag işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça görülýän çäreler, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sebitiň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, hatarara bejergini we beýleki möhüm işleri öz wagtynda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, gowaça ideg etmekde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýa ideg etmek işleri bilen bir hatarda, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur taýýarlyk işlerini görmegi, möwsümde ähli däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak bilen bir hatarda, ýygnalan bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegini hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Bellenilişi ýaly, galla oragynda mehanizatorlara, sürüjilere we möwsüme gatnaşjak beýleki işgärlere ähli şertler döredilmelidir, şol sanda meýdan düşelgelerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary we göçme söwda hyzmatlary guralmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini, şol ekinlerden ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşy baradaky meselä ünsi çekip, bu ugurda hemme guramaçylyk çäreleriniň görülmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasynyň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreler uly türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda durmuş we medeni maksatly gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň hem bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde tabşyrylmagyny üpjün etmäge degişli görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyna taýýarlyk görlüşi we gowaça ýokary hilli ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň depgini hem-de öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz möhletinde geçirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bereketli hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegine gönüden-göni bagly bolan ähli agrotehniki çäreleriň doly derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işlerini öz wagtynda geçirmek üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy. Ulanylýan ähli tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegi gazanylmalydyr. Bugdaýa ideg etmek bilen birlikde, galla oragy möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, orak möwsüminde ähli däne ýygýan kombaýnlar we awtoulaglar doly güýjünde işledilmelidir. Şonuň ýaly-da, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek zerurdyr. Galla oragynda mehanizatorlara, sürüjilere we oraga gatnaşýan beýleki işgärlere işlemek üçin hemme zerur şertler döredilmelidir. Medeniýet we sungat ussatlarynyň daýhanlaryň armasyny ýetirýän çykyşlary we göçme söwda hyzmatlary guralmalydyr.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz beýleki oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagy, bu ekinlerden ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletinde geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini, gant şugundyrynyň ekiljek ýerlerini we zerur tohumlary ekiş möwsümine doly taýýarlamalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz orta mekdeplerde geçiriljek «Soňky jaň» dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme berip, şol dabaralaryň uçurymlaryň aňynda hemişelik galmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş döwrüniň ýakynlaşyp gelmegi bilen baglylykda, bu möwsüme sebitiň çagalar sagaldyş merkezlerini we mekdepleriň ýanyndaky meýdançalary taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem welaýatyň çäklerinde desgalaryň gurluşyklarynyň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygy, hususan-da, olaryň bellenilen möhletinde we ýokary hil derejesinde ulanylmaga tabşyrylmagynyň üpjün edilmelidigi barada görkezme berildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu günler sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň barşy, gowaça ideg edilişiniň ýagdaýy hem-de daýhan hojalyklarynda dowam edýän möwsümleýin beýleki işler, welaýatyň gurluşygy dowam edýän desgalarynda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan gowaça ideg etmek bilen baglanyşykly göz öňünde tutulan hemme agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, häkime anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, obasenagat toplumynda işleriň alnyp barlyşyna ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaçanyň 1-nji hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri öz wagtynda geçirilmelidir, ekinlere ideg etmekde ulanylýan tehnikalar we gurallar doly güýjünde işledilmelidir.

Milli Liderimiz ak ekiniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin olara edilýän ideg işleri bilen birlikde, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleriniň görülmeginiň möhümdigini belledi. Galla oragynda ähli däne ýygýan tehnikalar we ýygnalan hasyly daşajak awtoulaglar doly güýjünde işledilmelidir.

Ýygnalan bugdaýyň kabul edilmegini we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek zerurdyr. Möwsümde mehanizatorlara, sürüjilere we beýleki işgärlere gowy iş şertlerini döretmek hem möhümdir. Olar üçin ýerlerde aýdym-sazly çykyşlar, göçme söwda hyzmatlary guralmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini, bu ekinlerden ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatda şaly ekişini tamamlamak boýunça ähli zerur çäreleri görmeli, gögeriş alnan şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz tomus paslynyň ýakynlaşyp gelýändigini belläp, bu döwürde ulularyň we çagalaryň dynç alşy baradaky meseleleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini nygtady hem-de tomusky dynç alşy oňat guramak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem häkime geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagy we «Soňky jaň» mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky, esasan-da, Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri bildirilýän talaplara laýyklykda, yzygiderli gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gowaçany ýekelemek we hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işler, bugdaý oragyny öz möhletinde guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk çäreleri hem-de ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de dürli desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçalaryň hatarara bejergisini, ýekelemek we otag işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, öňde boljak bugdaý oragy möwsümini, ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnamagy guramak üçin hemme zerur çäreleri görmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, gowaça ideg etmekde hem-de bugdaý oragynda işlediljek tehnikalar we peýdalanyljak gurallar doly güýjünde ulanylmalydyr, galla oragynda möwsüme gatnaşjak kombaýnlaryň hem-de awtoulaglaryň hyzmatyndan doly peýdalanylmalydyr.

Ýygnalan bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegi hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üpjün edilmelidir. Oraga gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur iş şertleri, şol sanda meýdan düşelgelerinde aýdym-sazly çykyşlar hem-de göçme söwda hyzmatlary guralmalydyr.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini, şol ekinlerden ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, şalynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň hem möhüm talap bolup durýandygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz şalynyň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça zerur çäreleri görmegi, gögeriş alnan şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talaba laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşy baradaky meselä ünsi çekip, bu ugurda hemme guramaçylyk çärelerini görmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasynyň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda durmuş hem-de medeni maksatly gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň hem bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde tabşyrylmagyny üpjün etmäge degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy we alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilen galla hasylyny ýygnamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýokary bahaly gögeriş alnan meýdanlarda gowaçany ýekelemek hem-de hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň barşy, öňde boljak baýramçylyklar bilen baglanyşykly dabaralary we tomusky dynç alyş möwsümini mynasyp guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, aýratyn-da, gowaça ýokary hilli ideg edilişine ünsi çekip, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz gowaçaly meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işlerini öz wagtynda geçirmek üçin hemme zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyryp, gowaça ideg etmekde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň üpjün edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösdürilip ýetişdirilen bugdaýa ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragy möwsümini hem guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur taýýarlyk işlerini görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz galla oragynda ähli däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, ýygnaljak bugdaý hasylynyň bökdençsiz kabul edilmegini hem-de tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, galla oragynda mehanizatorlara, sürüjilere we möwsüme gatnaşýan ähli beýleki işgärlere oňat iş şertleri döredilmelidir, olar üçin medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary we göçme söwda hyzmatlary guralmalydyr.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerinden ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmek maksady bilen, olary ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak barada görkezme berdi. Şunuň bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň ekişini bellenen möhletinde geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomusky dynç alyş möwsümi barada aýdyp, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatda bu möwsüme taýýarlyk görmegiň toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydygyny belledi hem-de çagalaryň wagtlarynyň peýdaly we şadyýan geçirmegini üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz mekdep okuwçylarynyň uçurymlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolan «Soňky jaň» dabarasynyň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, bu babatda welaýatda geçiriljek çäreleriň ýokary derejede guramaçylygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigi barada aýdyp, anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda mübärek Gadyr gijesi mynasybetli mähriban halkymyza we eziz watandaşlarymyza ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň Gadyr gijesine rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň, ruhy tämizligiň, ýokary ynsanperwerligiň dabaralanýan gijesi hökmünde aýratyn hormat goýýandygyny nygtady. Bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berlip, birek-birege hoş sözler aýdylýar, abadan we bagtyýar durmuş, ýurt abadançylygy arzuw edilýär, tarawa namazlary okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, goý, Gadyr gijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi üçin edilen doga-dilegler, agzaçar sadakalary Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, asuda we abadan, bagtyýar durmuş arzuw etdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14310