OWGANYSTANDA TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Konsullygynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we onuň türkmen-owgan gatnaşyklaryndaky oňyn täsiri” atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine türkmen diplomatlary, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasyndaky Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri, Hyrat welaýatynyň häkimi S.A.W.Gattali, welaýat geňeşiniň başlygy K.Alizaý, Owganystanyň Prezidentiniň geňeşçisi S.Allaf, welaýatyň ýerli häkimiýet edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we Hyratdaky konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, owgan işewürleri hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän wajyp teklipler, hususan-da, dünýäde we sebitde parahatçylygy üpjün etmekde amala aşyrylýan işler barada dabara gatnaşyjylara giňişleýin gürrüň berildi.

Geçirilen çäräniň barşynda çykyş edenler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen geçen döwürde halkara gatnaşyklarynda işjeň orny eýeländigini we ylalaşdyryjy merkez hökmünde özüni tanadandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň diplomatiýanyň netijeli hem-de ygtybarly gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigi bellenmek bilen, onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti beýan edildi.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýändigi bellenip, durmuşa geçirilýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitara hyzmatdaşlygyny berkitmekdäki tutýan orny, aýratyn-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de şol ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Turgundy-Hyrat demirýolunyň gurluşygy ýaly bilelikdäki taslamalaryň bu sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine oňyn täsir etjekdigi barada gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp görkezilen wideorolikler we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti barada görkezilen tanyşdyrylyş prezentasiýasy maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

https://neutrality.gov.tm/news/91/