TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASYNDA TALYPLARY SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda analitik makalalary ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri bolan Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Çärä Uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary hem-de ýerli KHBS wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýa. Mämmedow öz çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hakynda aýdyp berdi. Şeýle-de ol türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda strategik derejä ýetendigi barada belledi.    

Çäräniň çäklerinde ýeten sepgitlerimiziň, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň, türkmen halylarynyň we milli şaý-sepleriň sergisi gurnaldy. Oňa gatnaşyjylar Ilçihananyň muzeýine hem aýlanyp gördüler.

Habarlar (neutrality.gov.tm)