«SAZY SYNLA – TANSY DIŇLE»: JEÝHUN AGA-TAGYÝEW ÖZ DÖREDIJILIGI HAKYNDA

Döredijilikli şahs, ezber tansçy we maýyl ediji ýigit – «Sen – taýsyz! Tanslar» atly halkara çagalar telewizion-aýdym-saz bäsleşiginiň tomaşaçylarynyň ýadynda oňa Türkmenistandan gatnaşan Jeýhun Aga-Tagyýew şeýle galypdy.
2017-nji ýylda bu ýetginjek Mary şäherinden gös-göni Russiýanyň «NTW» teleýaýlymynyň film alynýan meýdançasyna düşdi. Ýigidiň taslamadaky ykbalyna dostlary, ildeşleri we köp sanly watandaşy gözden salman, syn edýärdi.
21-nji awgustda Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda “Türkmenistan” kino-konsert zalynda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder. Aýdym-saz we tans agşamynyň öňüsyrasynda biz tansçy bilen duşuşyp, ondan belli teleýaýlym taslamasyna gatnaşanyndan soňky ykbaly barada soradyk.
– «Sen – taýsyz! Tanslar» bäsleşige düşenimde, men 16 ýaşymdadym, şonuň üçin öýe gaýdyp gelemsoň, maňa mekdepde okuwym garaşýardy” diýip, tansçy gürrüň berýär. – Dogduk şäherim meni gyzgyn garşylady, aladamy edýän, taslamadaky ykbalymy gözden salman synlan, ýakymly sözler aýdyp goldamak we ýöne tanyşmak isleýän köpdi. Dessine diýen ýaly konsert taýynlandy we meni çykyş etmäge çagyrdylar. Birnäçe wagtlap men Maryda we Aşgabatda geçirilen haýyr-sahawat konsertlerinde tans etdim, okuwdan we mekdebiň soňky synaglaryndan soň bolsa goşunda gulluk etmegiň wagty geldi.
Iki ýyllyk harby gulluk duýdansyz geçip gitdi, ýöne, hatda, şol ýerde-de, goşunyň ýeňil bolmadyk gündelik durmuşynda Jeýhun döredijilik üçin wagt tapýardy. Ol nota sowadyny özleşdirip, saz guralyny çalmak sungatyny ele aldy.
– Halkara tans ýaryşyna gatnaşmak maňa öz mümkinçiliklerime has giňişleýin garamagy öwretdi. Men döredijilik üçin hiç hili serhediň ýokdugyna göz ýetirdim, muňa düşünmäge maňa köp babatda halypam, horeograf Yuriý Worobýow kömek etdi. Taslamada bolan döwrümde, men dürli tans stillerini özleşdirdim, şoňa çenli bosa animasiýa ugrunda tans edýärdim. Häzir men tans etmegimi dowam etdirýärin we çagalara häzirki zaman horeografiýasyny öwredýärin, şeýle hem grafiki dizaýny öwrenýärin.
Halkara sahnasynda Türkmenistany mynasyp derejede tanatmak bilen, «Sen – taýsyz! Tanslar» bäsleşiginiň ahyrynda Jeyhun Aga-Tagyýew yglan edilen 150 gatnaşyjynyň arasynda dördünji orny eýeledi. Emin agzalary we taslama tomaşaçylary ýigidiň dogabitdi çeýeligini hem sazy içgin duýýandygyny bellediler.
– Meniň üçin tans – durmuş, durmuş bolsa – tans. Köp täze başlaýan tansçylar, hereketleri öwrenenlerinde, mugallymyň horeografiýasyny takyk gaýtalamaga synanyşýarlar, erkin tansçylar bolsa özlerini has erkin beýan edýärler. Men improwizasiýa we awtoryň stiliniň tarapdary, şonuň üçin: «Saza synla – tansy diňle» diýen ýörelgä eýerýärin.
Swetlana Çirsowa
«Sazy synla – tansy diňle»: Jeýhun Aga-Tagyýew öz döredijiligi hakynda (turkmenistan.gov.tm)