HUSUSY TELEKEÇILIGIŇ ÜSTÜNLIKLERI

Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetinde öňde baryjy pudaklaryň biridir. Döwletiň hemme taraplaýyn goldamagy netijesinde dokma pudagy iň çalt ösýän pudaga öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde täze gurluşyklar bilen hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge ABŞ-nyň iki milliard dollaryna barabar pul serişdeleri bölünip berildi. Häzir 70-den gowrak kärhana hereket edip, olar iri dokma toplumlary, pagta egiriji we dokma öndürijiler, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhana, aýakgap fabrigi, ýüňi we derini ilkinji gezek işleýän zawodlardyr.
Döwlet eýeçiligindäkiler bilen bir hatarda hususy kärhänä eýeleri-de soňky ýyllarda üstünlikli özleşýän dokma pudagynyň joşgunly ösüşlerine eýe boldular. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutup biljek, ýerli çig maldan önümler öndürmäge—hususy we döwlet bazarynyň ösmeginde esasy zat hasaplanýar we şoňa ukyply senagat kärhanalary yzygiderli döredilýär.
Üstesine-de telekeçiler öndürilýän önümleriň täze häsiýetini özleşdirip, köplenç möhüm üstünlikleri gazanýarlar.Olaryň öndürýän harytlary halkara bazarlarynda üstünlikli bäsleşýärler.
Şu gün himiýa pudagynyň gazanan soňky üstünliklerinden peýdalanyp, önüm öndürmegi ýola goýýan şereketler barada näçe diýseň mysallar getirip bolar. Mysal üçin: Türekmenabatda ýerleşşýän «Milli önüm» hususy kärhanasy ýyladyşhanalarda gök önümleri ýokardan asmak üçin polipropilen sapaklary öndürýär. Bu önüme bolan isleg içki bazarda bolşy ýaly daşary ýurt bazarlarynda-da gün saýyn ösýär. Ýewropanyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kärhana 15 adamy iş bilen üpjün edýär. Her aýda olar elli tonna polipropileni gaýtadan işleýärler. Taýýar önümler Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Özbegistana eksport edilýär. Başga bir «Abraýly dostlar» atly Ahal welaýatynda ýerleşýän hususy kärhänä Gyýanlynyň polimer zawodynynyň öndürýän çig malyndan ýüplük egirmegi özleşdirdi. Awstriýanyň «SML» kompaniýasynyň häzirki zaman enjamlary dykyzlygy ýokary bolan ýüplügi taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Kärhananyň önümi daşarky bazarlada alyjylary gyzyklandyrýan dürli torbalary, ýüpleri, düşekçeleri we başga önümleri öndürmek üçin peýdalanylýar.
«Milli önüm» we «Abraýly dostlar» ýaly içerki hem daşarky bazarlaryň talap edýän harytlarynyň önümçiliginiň ýollaryny yzygiderli gözleýän hususy kärhanalar, diňe harytlaryň eksport edilmegini giňeltmek bilen çäklenmän, olar daşary ýurt harytlarynyň ýerine ýerli harytlary öndürmekde-de üstünlik gazanýarlar.
«AA» habarçysy