GORLARY SARPALY ULANMAGYŇ HASABYNA

Güýzde ýurduň demirgazygynda mäşdir noýbadan ýene bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Ösüş döwrüniň gysgalygynyň olary aralyk ekin hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýändigi sebäpli, bu ýyl bu ekinler ýene-de güýzlük bugdaýdan soň duwara ekin hökmünde ekildi. Şunluk-da, birýyllyk otjumak kösükli ösümlikler maşgalasyndan bolan mäşi iň köp öndürýän hojalyklaryň biri bu ekin üçin 700 gektar bölünip berlen S. Türkmenbaşy etrabydyr. Ýene otuz gektar ýerde bolsa noýba ekilipdir. Gurbansoltan eje adyndaky etrapda mäş iki ýüz gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler. Umuman alanyňda, suwy az sarp edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan mäş Daşoguz welaýatynda 3700 gektarda, ak noýba bolsa 250 gektarda ösdürilip ýetişdiriler. Daýhanlar geçen ýylky üstünliklerini gaýtalamak bilen, meýilleşdirileninden has köp hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.
Ilatyň ýokary hilli we sagdyn azyk harytlary bilen üpjün edilmegine goşant goşýan kösükli ösümlikleri köpçülikleýin öndürmeklik sebitde ekiş ýerleriniň has netijeli ulanylmagy arkaly gazanylýar.
Bu sebitiň ýer we suw gorlaryny tygşytly ulanmak, aralyk ekinleri köp ekmek, gök önümleriň käbir görnüşleriniň ýazlyk we güýzlük ekişinden peýdalanmak, ýyladyşhana ulgamyny yzygiderli ösdürmek arkaly soňky ýyllarda ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýandygyny bellemelidiris.
Batyr Öräýew