TÜRKMENISTANYŇ OMBUDSMENINIŇ DIWANHANASY MILLI HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ AZIAÝA-ÝUWAŞ OKEAN FORUMYNYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDY

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliniň — Ombudsmeniň diwanhanasy ilkinji gezek milli hukuk goraýjy edaralaryň Aziýa-Ýuwaş okean forumynyň onlaýn formatda geçen 26-njy umumy ýygnagyna gatnaşdy.
Aziaýa-Ýuwaş okean forumynyň (Asia Pacific Forum (APF) ýylda bir gezek geçirilýän umumy ýygnagy oňa gatnaşýanlara forumyň soňky ýylyň dowamynda gazanan ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän guramanyň geňeşçileriniň we agzalarynyň duşuşygydyr. Bu tejribedir bilim alyş-çalşygy, şeýle hem hemmeler üçin gyzykly meseleler ara alnyp masalahatlaşylýan meýdançadyr.
Adata görä, Forumyň işine gatnaşmak üçin, geňeşçiler BMG-niň edaralarynyň, APF-iň agzalygyna arza beren ýa-da bermek meýlinde bolan Milli hukuk goraýjy edaralaryň Bütindünýä birliginiň wekillerini, şeýle hem synçy hökmünde beýleki gyzyklanýan taraplary çagyrýarlar. Türkmenistan synçy hökmünde gatnaşdy.
APF Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Wekiliň diwanhanasynyň institusion mümkinçiligini ösdürmek işinde Bütindünýä birligiň milli hukuk goraýjy edaralaryny ykrar etmek üçin esasy hyzmatdaşdyr. Türkmenistanyň Ombudsmeniniň diwanhanasynyň indiki ýylda BMG-niň goldawy bilen birlikde ykrar edilmek üçin arza bermegi meýilleşdirýändigini aýtmalydyrys.
Aýjahan Ataballyýewa