ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MILLI KOMISSIÝASY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGDUK MEKANYNA BARYP GÖRDI

Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýram edilmegi we onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna dabaralaryň taýýarlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň kätipligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde beýik türkmen akyldar şahyrynyň dogduk mekanyna sapar gurady.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň gahrymany Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna bardy. Bu ýerde, etrabyň edara merkezinde Magtymguly Pyragynyň medeni-ýadygärlik toplumy we muzeýi ýerleşýär.

Duşuşyga gatnaşýanlar şahyryň döredijilik terjimehaly we ýurdumyzyň milli medeniýeti bilen jebis baglanyşykly baý sergi materiallary bilen tanşyp, muzeý jaýynda türkmen şahyrynyň döredijilik mirasynyň halk arasynda ýaýradylmagyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirdiler.

Maslahatyň barşynda edebi eserler we golýazmalar ara alnyp maslahatlaşyldy, ýaşlarda watançylyk ruhuny terbiýelemekde Magtymgulynyň şygyrýetiniň möhüm orny temasyndan çykyşlar diňlenildi. Edebi türkmen diline goşan saldamly goşandyna we dünýä jemgyýetçiliginiň şahyryň dördijilik mirasyna üýtgewsiz gyzyklanmasyna garalyp geçildi.

Bellenişi ýaly, häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň mirasyny ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna, şeýle hem şanly senäni ‒ türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler Sanawyna goşdurmak ugrunda uly iş alnyp barylýar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64189/yunesko-nyn-isleri-boyunca-milli-komissiya-magtymguly-pyragynyn-dogduk-mekanyna-baryp-gordi