SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda tar...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi. Robert Floýd wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belled...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ICAPP-nyň Sekretariatynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň (ICAPP) Sekretariatynyň Ýörite wekili Çong Te Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda...
Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niyatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunç...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler. Iň ýokary derejeli we ýokary derejeli aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde e...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Türkmenistan bilen HPG-niň Ylalaşygynyň IV maddasyna laýyklykda geçirilýän adaty maslahatlar missiýasynyň çäklerinde Aşgabada gelen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara Pul Gaznasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş müm...