img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Apr

Türkmenistanyň DIM-de Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen gelen, Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we diaspora ministri Barri Foruň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu saparyň iki ýurduň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Diplomatlar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdiri...

DOWAMY
pic
28 Apr

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Türkmenistanda täze bellenen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işini amala aşyrmaga zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny beýan et...

DOWAMY
pic
28 Apr

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan döwletiň daşary syýasy işine syn berildi

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Aşgabatdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýykl...

DOWAMY
pic
28 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň HHR-nyň Ilçisi ilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň mart-aprel aýlarynda döwlet we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edi...

DOWAMY
pic
27 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistan bil...

DOWAMY
pic
25 Apr

Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa s.) Enrike Ignasio Ferrer Wieýradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünl...

DOWAMY
pic
25 Apr

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi. Öz ge...

DOWAMY