img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ý...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň DIM-de Kipr Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Türkmen-kipr hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýän pudagara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Halkara g...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary

2026-njy ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Forumda çykyş eden Mejlisi...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaş...

DOWAMY
pic
13 Maý

Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy. Tan Şri Mohd Hassan Marikan duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýany...

DOWAMY
pic
13 Maý

Baku halkara deňiz portunda «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika düzümleriniň wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem-de iki ýurduň resmi wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentin...

DOWAMY
pic
13 Maý

Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar umuman Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Türkmenistan bilen alnyp barylýan dialogyň häzirki derejesine baha berdiler. Hanym Guedar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen taslamalary barada gürrüň berdi...

DOWAMY