img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Maý

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary dereje...

DOWAMY
pic
29 Maý

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdyl...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada

2026-njy ýylyň 10-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy. Çäre Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde ýerleşýän Kololo dabaralar meýdançasynda geçirildi. Dabara tamamlanandan soňra türkmen wekiliýeti En...

DOWAMY
pic
14 Maý

Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. Çäräniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň çäklerinde ugurdaş çäreleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berlendigini aýtmak g...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady. Kazanyň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Malahatynyň Başlygy bilen Tatary...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ý...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň DIM-de Kipr Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Türkmen-kipr hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýän pudagara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Halkara g...

DOWAMY