SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary
2026-njy ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Forumda çykyş eden Mejlisi...
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaş...
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy. Tan Şri Mohd Hassan Marikan duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýany...
Baku halkara deňiz portunda «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisini dabaraly garşy alyş çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň ulag-logistika düzümleriniň wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem-de iki ýurduň resmi wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentin...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar umuman Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Türkmenistan bilen alnyp barylýan dialogyň häzirki derejesine baha berdiler. Hanym Guedar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen taslamalary barada gürrüň berdi...
BAE-niň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde halkara guramalaryň we köptaraplaýyn meýdan...
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Baku şäherine iş sapary bilen geldi
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa bilen Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy S.Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi barada pikir alyşdylar, zähmet hukuklaryny goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen...