TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän bu giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Täjigistan...
LLDC 3 maslahatynyň çäginde birnäçe resminamalara gol çekildi
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň, şeýle hem halkara guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamlaryň birnäçesine gol çekişlik dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Burkina Fasonyň Daşary işler, sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan burkinalylaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler haky...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umum...
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Işewür ak mermerli Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy “akylly...
DIM-de Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işine bagyşlanan brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň alyp barýan halkara ynsanperwerlik işine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Çärede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ruhuna laýyklykda açyklyk, özara goldamak we ynanyşmak ýörelgeler...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň öz...