RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde i...

DOWAMY
27 Iýun

«Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tasuýa Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky  wekiliýetiň agzalary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen ýo...

DOWAMY
27 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiý...

DOWAMY
27 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Prezident Serdar Berdimuham...

DOWAMY
26 Iýun

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimou bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere garaldy. Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitara...

DOWAMY
26 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny we iň gowy a...

DOWAMY
26 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähi...

DOWAMY