TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWA TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANY DIÝEN ADY DAKYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi. Dabaraly ýagdaýda ýurdumyzyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda» Karary okady. Resminama laýyklykda, döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň milli garaşsyzlyk esaslaryny, Bitarapl...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ÝURDUMYZYŇ OBA HOJALYGYNYŇ ÖZGERÝÄNDIGINI BELLEDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň özgerýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. «Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy Hor...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ARKADAG ŞÄHERINI 2024 – 2052-NJI ÝYLLARDA ÖSDÜRMEGIŇ KONSEPSIÝASYNY TAÝÝARLAMAGY MAKSADALAÝYK HASAPLAÝANDYGYNY BELLEDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy...
ARKADAGLY SERDARYMYZ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGINI NYGTADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady. «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Serdarymyzyň sözlerine görä, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerin...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ ÖŇÜNDE ANYK MAKSATLARY GOÝDY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy. «Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryndan biridir» diýip, döwlet Baştutanymyz...
ARKADAGLY SERDARYMYZ HALKARA MALIÝE INSTITUTLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ HAS-DA IŞJEŇLEŞDIRILMELIDIGINI NYGTADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak utgaşykly hem-de toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydygyny belledi. «Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýan...
ARKADAGLY SERDARYMYZ ILAT ÝAZUWYNYŇ JEMLERINDEN UGUR ALYP, GELJEK ÝYLLARDAKY MEÝILNAMALARA TAKYKLAMALAR GIRIZILSE, MAKSADALAÝYK BOLJAKDYGYNY HASAPLAÝAR
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. «Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlaryna doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler» diýip...