TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ŞU ÝYL JEMI 37 MILLIARD MANATDAN GOWRAK MÖÇBERDE MAÝA GOÝUMLARYNY GOÝMAGYŇ GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝANDYGYNY AÝTDY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. «Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi we obalarymyzy özgerdip,...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞU ÝYLYŇ BAŞYNDAN BÄRI JEMI IÇERKI ÖNÜMIŇ ÖSÜŞI 6,2% MÖÇBERDE DURNUKLY SAKLANÝANDYGYNY BELLEDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhameow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi. «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzakmöhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, döwlet maýa goýum...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ŞÄHERLERI ÖSDÜRMEGIŇ STRATEGIÝASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAGYŇ ZERURDYGYNY AÝTDY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerurdygyny aýtdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr. Bu ugurda ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredildi. Kabul eden kanunlarymyz adamyň talabalaýyk ýaşaýyş...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BARADA AÝDYP BERDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek barada aýdyp berdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. «Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi....
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini nygtady. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. «Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçeris» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PEDERLERIMIZIŇ DÄPLERINI DOWAM ETMÄGE ÇAGYRDY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etmäge çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. «Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerin...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ÝAŞLARYMYZYŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE ÝOKARY BAHA BERDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar» diýip, t...