TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ÝURDUMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERINIŇ ESASYNDA DÖWLET GARAŞSYZLYGY DURÝANDYGYNY BELLEDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň üstünlikleriniň esasynda Döwlet Garaşsyzlygy durýandygyny belledi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. «Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýa...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlener we gazanylan üstünlikleri hem-de täze taryhy döwürde öňümizde duran derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady (turkmenistan.gov.tm)
“MAGTYMGULY PYRAGY ENSIKLOPEDIÝASY” TAÝÝARLANYLÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy” diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen halkynyň baý edebi mirasyny, gadymy dilini, taryhyny, me...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan p...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident W.Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenis...
TÜRKMENISTANYŇ ÇÖL EKOULGAMLARYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULANDYGY BARADA
2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişe...