TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BRIFING GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA SEBITINDE BILIM BOÝUNÇA RESMINAMALARY YKRAR ETMEK HAKYNDA BUÝRUGA GOL ÇEKDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim minist...
AMANDURDY MEREDOWYŇ USSAHANASYNDAKY GÜLLERIŇ DEMIRDEN KEŞBI
Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň dogduk obasynda onuň heýkeli oturdylypdyr, heýkeliň ýanynda bolsa demirden ýasalan ýumurtgaly durnanyň şekili bar. Bu heýkeliň awtory – Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredowdyr. Amandurdy Meredow oglan wagty ýeňil atletika meýil bildirýärdi, şonuň üçin-de ol geljegi uly türgen hökmünde sport internatyna okuwa girdi. Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary ýygy-ýygydan mekdep-internata myhmançylyga gelýärdiler. Amandurdy s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba ho...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 41 MILLION 700 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini, yşyklandyryş we uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan di...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ROSSIÝSKIÝE ŽELEZNYÝE DOROGI” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Russiýa...