TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ DESLAPKY JEMLERI JEMLENDI
2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy. Çärä ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşly...
DAŞARY ÝURTLARDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP WE ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň giň alternatiw esasynda Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär. Saýlawlara gatnaşmagyň işjeňligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda açylan 42 saýlaw uçastoklarynda-da bellendi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda daşary ýurtdaky raýatlarymyzy...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ PARLAMENT SAÝLAWLARYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Bu gezekki saýlawlar häzir...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PARLAMENT SAÝLAWLARYNA GATNAŞDY
Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Ir bilen hormatly Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanan ýerde guta býull...
MEJLISIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR
Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlawçylara wekilçilik etmäge halkyň arasynda uly hormata we ynama eýe bolan iň mynasyp adamlar hukuk gazandylar. Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär hasaba alyndy. Şeýl...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG IŞGÄRLERI MULTIMODAL ÜSTAŞYR ÝÜK DAŞAMAGYŇ MÖÇBERINI ARTDYRMAK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞYLDYLAR
Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň wekilleri «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň binasynda multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, ýygnaga gatnaşyjylara üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükler getirilende we Türkmenistanyň çägindäki ulaglara ýük ýüklenende haryt gymmatlyklary baradaky resminama we ýük awtoulaglarynyň eýelerine haryt daşamak üçin rugsatnamalar berlende «Türkmenulaggözegç...
ARKADAG ŞÄHERINIŇ MUZEÝI ÝURDUMYZYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI BARADA GÜRRÜŇ BERER
Arkadag şäherinniň täze muzeýiniň ekspozisiýasyny jemlemek boýunça işler alnyp barylýar we ol milli mirasymyzyň taryhy-arheologiki gymmatlyklaryny giňden görkezer. Muzeý gymmatlyklaryny saýlamak, dikeltmek we taýýarlamak ugrundan işleýän hünärmenleriň aýtmagyna görä, muzeýiň gorlary ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezer we olaryň hatarynda gadymyýetiň, bürünç we demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň we beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleri bar....