TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN TENNISÇILERI DEWIS KUBOGYNDA BUTAN BILEN OÝNY ÝEŇIŞLI BAŞLADYLAR
Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndy topary şu gün Isa Bahreýn (Bahreýn) şäherinde geçýän Dewis Kubogynyň zolaklaýyn ýaryşyna Butan toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady. Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda synp derejesini ýokarlandyrmak üçin ikä bölünen 9 topar bäsleşýär. Birinji belgi bilen bellenen Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije atylanda, Kambojanyň, Mongoliýanyň we Butanyň toparlary bilen «B» toparyna düşdi. «A» toparyny Kuw...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ ÜÇÜSI TIMES HIGHER EDUCATION GÖRKEZIJISINIŇ SANAWYNA GOŞULDY
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden Times Higher Education (THE) britan guramasynyň tutuş dünýäde abraýly we meşhur görkezijisinde orun eýeleýänleri barha köpelýär. Bu gezek Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsi THE World University Rankings-2023-niň ýakynda çap edilen görkezijisine girdi. Oňa Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «h...
SAZ SUNGATY HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAR
Türkmenistan 1992-nji ýylda Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şu ýyllarda taraplaryň syýasy erki bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürildi we yzygiderli pugtalandyryldy. Dostluk gatnaşyklary medeni-bilim ulgamynda-da öz beýanyny tapdy. Medeni gatnaşyklaryň çäklerinde ýapon sazandalarynyň wekiliýeti ̶ sazanda Kasumi Masumoto, aýdymçy Ýosiko Masumoto we tansçy Çiho Komasu M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda myhmançylykda boldular. Iki halkyň gad...
MEETING OF THE CHAIRMEN OF THE TURKMEN-JAPAN AND JAPAN-TURKMEN COMMITTEES ON ECONOMIC COOPERATION
On October 18, 2022, the meeting of the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan, Chairman of the Turkmen-Japanese Committee for Economic Cooperation Rashid Meredov with the Chairman of the Japanese-Turkmen Committee for Economic Cooperation, Managing Executive Officer of “ITOCHU Corporation” Hiroyuki Tsubai was held via videoconference. During the meeting, the parties noted that contacts at the highest and high levels play an important role in the development of interstate relations. In t...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde “Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATARDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ugry boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasynyň soňky ýyllarda syýasy we durmuş-ykdysady ugurlarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny, öz raýatlarynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyryp, ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýändigini b...